Türkiýäniň we Birleşen Ştatlaryň diplomatlarynyň arasynda geçirilen “konstruktiw” gepleşiklerden soň, türk we amerikan resmileri NATO agza iki ýurduň arasyndaky diplomatik krizisi çözmek üçin işleşmek boýunça duşuşmak barada ylalaşdylar diýip, 12-nji oktýabrda Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Bekir Bozdag aýtdy.
Gürrüňi edilýän krizisiň döremegine Birleşen Ştatlaryň Stambuldaky konsulhanasynyň iki ýerli işgäriniň içalyçylyk aýyplamalary bilen tussag edilmegi sebäp bolupdy. Bu ýagdaý bolsa, 8-nji oktýabrda ABŞ-nyň Türkiýede immigrant bolmadyk wiza hyzmatlaryny togtatmagyna getirdi.
Türkiýe hem şol güni giçlik bu göçüme reaksiýa görkezip, Birleşen Ştatlardaky diplomatik wekilhanalarynda “immigrant bolmadyk wiza hyzmatlaryny togtadýandygyny” bildirdi.
11-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirip, tussag edilmeler barada “çuňňur aladalanma” bildirdi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti mälim etdi.
Bozdag “Habertürk” neşirine beren maglumatynda gepleşikleriň “örän konstruktiw”, ýagny örän netijeli bolandygyny we “iki tarapyň wekilleriniň duşuşyp, bilelikde işlemek barada netijä gelendigini” aýtdy.