Pakistan: Yslamçy topar protestleri ýatyrmak üçin çagyryş etjegini aýdýar

Protestçilere garşy operasiýa, Faiz Abad, 11-nji noýabr, 2017.

Pakistanyň yslamçy aktiwistleri ýurduň kanunçylyk boýunça ministriniň wezipesinden çekilmegi hakynda hökümet bilen ylalaşyga gelendiklerini we bir hepdeläp dowam eden protestlerini ýatyrmaga çagyryş etjekdiklerini aýtdylar. Munuň bilen Yslamabatda adam pidaly çaknyşyklaryň soňuna çykylmagyna garaşylýar.

“Biziň esasy talabymyz kabul edildi” diýip, “Tehreek-e Labaik Ya Rasool Allah” toparyň metbugat-wekili Ejaz Aşrafi 27-nji noýabrda Reuters agentligine aýtdy.

Kanunçylyk boýunça ministr Zahid Hamidiň wezipesinden çekilmegini talap eden protestlerde soňky günlerde zorluk ýüze çykdy, yslamçy toparyň paýtagta barýan ýollary böwetlemegi çaknyşyklara getirdi we alty adamyň wepat bolmagyna we 200 çemesi adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Yslamçylar ýurduň saýlaw boýunça kanunyna girizilen goşmaçalaryň “dine dil ýetirýändigini” aýdyp, Zahid Hamidi munuň arkasynda durmakda aýypladylar.