Tillerson: Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy ABŞ bilen gatnaşyklaryň maýlamagyna esasy päsgelçilik

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s) Wena, 7-nji dekabr, 2017

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson ABŞ-nyň we Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň maýlamagyna päsgel berýän esasy meseläniň Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy bilen baglydygyny aýtdy.

7-nji dekabrda Wenada Ýewropanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşygynda eden çykyşynda Tillerson Orsýetiň Ukrainadan we Krymdan öz güýçlerini çekmese ABŞ-nyň Moskwa garşy sanksiýalaryny ýatyrmajagyny mälim etdi.

“Bizde başga ugurlardan aratapawutlar bolup biler... emma haçan-da bir ýurt başga ýurda girse bu geçirip bolmaýan ýa-da ykrar edip bolmaýan aratapawut” diýip, Tillerson Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrleriniň duşuşygynyň yzýany geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Tillersonyň Ukraina boýunça eden bu berk çykyşynyň yzýany Orsýetiň daşary işler ministri bilen geçiren ikiçäk gepleşikleriniň iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygy gowşatmak meselesinde öňegidişlik getirmedige meňzeýär.