Gazagystanda onlarça magdançy känden çykmakdan ýüz öwrüp, zähmet haklarynyň artdyrylmagyny talap etdi

"Gazagystan" kömür käni, Garagandy regiony, 26-njy oktýabr, 2017.

Gazagystanyň merkezindäki Garagandy regionynda onlarça magdançy känden çykmakdan ýüz öwrüp, zähmet haklarynyň artdyrylmagyny talap etdi.

Garagandy regional administrasiýasynyň 12-nji dekabrda aýtmagyna görä, 200 çemesi magdançy Şahtinskdäki dört sany kömür käninde iki gijesini geçirdiler.

Iş taşlaýyş yglan eden magdançylaryň takyk sany nämälim galýar.

Regionyň häkiminiň edarasy magdançylaryň we olaryň bileleşiginiň ençeme wekiliniň ýerli häkimiýetler we käniň eýesi “ArcelorMittal Temirtau” kompaniýasynyň resmileri bilen gepleşik geçirýändigini habar berdi.

“ArcelorMittal Temirtau” kompaniýasynyň resmileriniň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, kömür käninde işleýän magdançylaryň esasy talaby aýlyklaryň iki esse ýokarlandyrylmagyna degişli we olaryň talabyny berjaý etmek üçin täze şertnamalaryň taslamasy taýýarlanypdyr.

“ArcelorMittal Temirtau” tebigy baýlyklara eýe bolan Gazagystanda sekiz sany käni işledýär. 2016-njy ýylda kompaniýa 4 million tonna polat öndürdi.