Moskwa sirki: Ýaşaýjylaryň gyzyklanmasy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

2017-nji ýylyň 14-nji dekabryndan bäri Türkmenistanyň Döwlet sirkinde çykyş edýän Moskwanyň döwlet sirkine tomaşaçylar uly gyzyklanma bildirýär. Ýaşaýjylar gyzyklanmanyň sebäplerini ýerli sirklerde we teatrlarda şeýle oýunlaryň görkezilmezligi, aktýorlara erkinligiň berilmezligi bilen düşündirýärler.