‘Eho Moskwynyň’ žurnalistini pyçaklamakda aýyplanýanyň tussaglyk möhleti uzaldyldy

Boris Grits. 18-nji ýanwar, 2018 ý. Moskwa

Moskwanyň sudy geçen ýylyň oktýabr aýynda “Eho Moskwy” radiosynyň žurnalisti Tatýana Felgengaueri pyçaklamakda aýyplanýan adamyň tussaglyk möhletini uzaltdy.

18-nji ýanwarda sud Boris Gritsiň 23-nji aprele çenli tussaglykda saklanmalydygy barada karar çykardy. Resmiler we waka şaýat bolanlar Gritsiň radionyň studiosyna girip, Felgengaueri damagyndan pyçaklandygyny aýdýarlar.

Sud diňlenişiginiň dowamynda derňewçi 48 ýaşyndaky rus-ysraýyl raýaty Gritsiň ruhy taýdan näsagdygynyň anyklanandygyny we onuň tussaglykda saklanylmalydygyny aýtdy.

“Tussaga güýçli lukmançylyk çäreleriniň görülmelidigi maslahat berildi. Sebäbi ol özüne we jemgyýete howp abandyryp bilýär” diýip, derňewçi belledi.