Demirgazyk Koreýa goňşy Günorta Koreýada geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda paýtagty Phenýanda harby ýöriş geçirdi we özüniň kontinentara ballistik raketalaryny köpçülige görkezdi.
Phenýan 2017-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen harby paraddan tapawutlylykda 8-nji fewralda geçiren çäresini şu gezek döwlet telewideniýesinde göni efirde görkezmedi. Demirgazyk Koreýa bu harby ýörişiň ýurduň ýaragly güýçleriniň 70-nji ýyl dönümine gabat geçirilendigini aýtdy.
Dmirgazyk Koreýa gyşky olimpiýa oýunlaryna 22 sany sportsmenini we 400-den gowrak aýdymçysyny, söweş sungaty boýunça ussatlaryny we janköýerlerini iberdi.
Kimiň kiçi aýal doganyKim Yo Jong hem Günorta Koreýanyň Pýongçang şäherinde geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. 9-njy dekabrda geçiriljek dabara ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pense hem gatnaşar.