Türkmenabadyň täze halkara aeroporty Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki täze halkara aeroport. Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň websaýtyndan alnan surat

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki täze halkara aeroport Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Sagatda 500 ýolagça hyzmat etjekdigi aýdylýan bu aeroport prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we başga-da ençeme türkmen hem-de daşary ýurtly resmileriň gatnaşmagynda 26-njy fewralda açylyp, ulanylmaga berildi.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň maglumatyna görä, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşi Gemiji täze aeroportyň “ýolagçy terminalynyň belentden görünýän keşbiniň aýratyn ünse mynasypdygyny, terminalyň ägirt uly ýyldyz görnüşinde örtüginiň bardygyny” aýtdy.

“Binagärlik taýdan şeýle ajaýyp çözgüt aeroportyň gaýtalanmajak aýratynlygydyr, şeýle binagärlik aýratynlygy dünýäde ýokdur” diýip, Gemiji “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýolbaşçysy D.Saburowa Ginnesiň rekordlar kitabynyň Sertifikatyny gowşurdy.

Mundan öň Türkmenistanda beýleki desgalar bilen bir hatarda, 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda açylan Aşgabadyň halkara aeroportynyň ýolagçy terminalynyň üçeginde şekillendirilen iň uly haly gölüniň nagşy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.

Türkmenabat şäheriniň ozalky aeroporty 1926-njy ýylda ulanylyşa berlipdi.