Saud Arabystanyň mirasdüşer şazadasy Eýranyň eden ýagdaýynda Saud Arabystanynyň ýadro ýaragyny döretjegini 15-nji martda telewideniýede eden çykyşynda öňe sürdi, Eýran muňa dessine jogap berdi.
“Saud Arabystany hiç bir ýadro ýaragyna eýe bolmak islemeýär, emma eger Eýran ýadro ýaragyny döretse, biz hem tizden-tiz muňa eýereris” diýip Saud Arabystanyň şazadasy Muhammad bin Salman CBS telekanalyna aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Bahram Kasemi ýiti jogap berdi we saud şazadasynyň “syýasatdan baş çykarmaýan” adamdygyny aýtdy.
Eýranyň dünýäniň iň täsirli alty ýurdy bilen 2015-nji ýylda baglaşan ylalaşygy oňa ýadro ýaragyny döretmegi gadagan edýär, şeýle-de Tähran köpçülikleýin gyrgyna getirýän ýaragy döretmek niýetiniň ýokdugyny aýdýar.
Muňa garamazdan, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýadro ylalaşygyndan çykmak bilen haýbat atýar. Eýran bolsa, ABŞ-nyň ylalaşykdan çykan ýagdaýynda, onuň şertlerine boýun bolmajagyny aýdýar.