Azerbaýjanlylar ýurduň nobatdaky prezidentini saýlamak üçin ses berýärler.
Ýurduň esasy oppozision partiýalary saýlawlaryň galplaşdyryljakdygyny öňe sürüp, ony boýkot etdiler.
Şeýle-de, saýlawlarda ýurduň häzirki prezidenti 56 ýaşly Ylham Alyýewiň dördünji gezek prezidentlige saýlanjakdygyna garaşylýar. Alyýew ýurda öz kakasynyň ölüminden soň, ýagny 2003-nji ýyldan bäri baştutanlyk edip gelýär.
Azeri oppozisiýasy we günbatar hökümetleri Alyýewi azat media, žurnalistlere we oppozision syýasatçylara basyş etmekde aýyplaýarlar.