Meşhur çeh režisýory Forman ýogaldy

Milos Forman

Meşhur çeh režisýory, Oskar baýragynyň eýesi Milos Forman 86 ýaşynda aradan çykdy.

Formanyň aýalynyň aýtmagyna görä, ol 13-nji aprelde ABŞ-da ýogalypdyr.

Format 1932-nji ýylyň 18-nji fewralynda Çehiýanyň Kaslaw şäherinde doglupdy. Emma, ol 1968-nji ýylda kommunistleriň Praga Bahary protestlerini basyp ýatyrmagyndan soň, ABŞ göçüpdi. Ol 1970-nji ýylda ABŞ-nyň raýaty boldy.

Onuň režisýorlyk eden “Kukuşkanyň höwürtgesiniň üstünden uçup barýarkam” filmi 13 Oskar baýragyna mynasyp boldy.