Ermeni demonstrantlary Sarkisýanyň häkimiýetde galmagynyň öňüni almaga çalyşýar

Ermenistanda protestçiler köçeleri ýapyp, awtoulag hereketini petikleýärler. 16-njy aprel, 2018 ý.

Ermenistanda ozalky prezident Serž Sarkisýanyň häkimiýetde galmagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýän protestler dördünji gününde hem dowam edýär. Ermeni parlamenti Sarkisýany gaýtadan premýer-ministr saýlamaga taýýarlyk görýän mahaly, protestleriň guramaçylary iş taşlaýyş yglan edip, boýkot geçirmäge çagyryş edýärler.

16-njy aprelde protestleriň esasy guramaçysy Nikol Paşinýan bilen ýüzlerçe adam has uly göwrümli “raýat boýun egmezlik hereketini” geçirmäge çagyryş edip, Ýerewanyň merkezindäki köçeleri petiklediler.

Protestçiler 17-nji aprelde geçirilmegi planlaşdyrylýan parlament ýygnagyny bozmagy maksat edinýärler. Bu ýygnakda kanunçykaryjylaryň Sakisýany premýer-ministr saýlamagyna garaşylýar.

Protestçiler Milli Mejlisiň binasyna tarap gidýän Marşal Bagramýan köçesini petikläp, awtoulaglaryň hereketini çäklendirdiler.

Ermenistanyň ýörite polisiýa güýçleriniň hatara düzülen agzalary köpçüligiň parlamente tarap süýşmeginiň öňüni aldylar.