Orsýetiň ençeme şäherinde Nawalnynyň tarapdarlary tussag edildi

Alekseý Nawalny

Orsýetde prezident Wladimir Putine garşy geçirilmegi planlaşdyrylan protestlerden bir gün öň, ýurduň dürli şäherlerinde oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň tarapdarlary tussag edildi.

4-nji maýdaky tussag etmeler Sankt-Peterburg, Çeboksari, Kemerowo, Tambow, Rýazan, Krasnoýarsk we Krasnodar şäherlerinde amala aşyryldy.

Şol tusag edilenleriň ählisi halk üýşmeleňini geçirmek baradaky düzgünleri bozmakda aýyplanýar.

Bu aralykda, Orsýetiň Ural sebitiniň Ýekaterinburg şäherinde polisiýa Nawalnynyň regional edaralarynda gözlegleri geçirip, 5-nji maýda geçirilmegi planlaşdyrylýan ýörişleri mahabat edýän kagyzlary konfiskasiýa edip başlady.

1999-njy ýyldan bäri Orsýetiň prezidenti ýa-da premýer-ministri wezipesinde saklanyp gelýän Putiniň 7-nji maýda alty ýyl möhlet bilen täzeden prezidentlige kasam etmegine garaşylýar.