Täjigistanda gadagan edilen partiýanyň wideosyny paýlaşan adama 9.5 ýyl kesildi

“Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” lideri Muhiddin Kabiri

Täjigistanly adam ýurtda gadagan edilen yslamçy partiýanyň daşary ýurtlardaky duşuşyklarynyň internetdäki wideolaryny görendigini, halandygyny görkezip, olary paýlaşandygy üçin 9.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Alijon Şaripow “ekstremizme çagyrmakda, hökümeti agdarmaga ündemekde we gadagan edilen syýasy partiýalar üçin işlemekde” günäli tapyldy. Täjik häkimiýetleri onuň toparyň agzasy däldigini aýtdylar.

Hatlon regionynyň sudunyň AÝ/AR-na elýeterli bolan dokumentlerine görä, 32 ýaşly Şaripow ýurtda gadagan edilen “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” liderleriniň duşuşyklaryny we çykyşlaryny sosial mediada görüpdir, halandygyny görkezipdir we olary paýlaşypdyr. Wideolaryň birinde partiýanyň lideri Muhiddin Kabiriniň çykyşy görkezildi.

Şaripow 2017-nji ýylda Orsýetde bolan wagtynda wideolary görendigini we olary paýlaşandygyny boýun aldy, emma munuň kanuna ters gelýändigi barada özüniň habarsyz bolandygyny aýtdy.