Tramp ABŞ-nyň 7-ler toparynyň jarnamasyny goldamajakdygyny aýdýar

Prezident Donald Tramp kanada ugramazyndan öň žurnalsitleriň öňünde gürleýär. Waşington, 8-nji iýun.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, ABŞ bilen bilen onuň ýaranlarynyň arasyndaky dawalaryň ýygjamlaşmagy bilen, başda kabul eden ykrarnamasyndan çekilip, senagat taýdan ösen öňdebaryjy döwletleriň 7-ler toparynyň sammitini alasarmyklyga saldy.

Donald Tramp başda kabul eden-de bolsa, twitterde özüniň Ýediler toparynyň beýanatyny goldamajakdygyny aýtdy.

Tramp 9-njy iýunda twitterde Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudonyň (Justin Trudeau) “galp beýanatlary’ esasynda özüniň ABŞ wekillerine jemleýji jarnamany goldamazlyk barada görkezme berendigini habar berdi. Kubekde 7-ler sammitine beýemçilik eden Jastin Trudo bu jarnamanyň G7 toparyna girýän döwletleriň ählisi bilen ylalaşylandygyny aýtdy.

Jarnamada söwda hyzmatdaşlygynyň zerurdygy, Orsýet babatda berk liniýa eýermelidigi, şeýle-de Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamagyň wajypdygy aýdylýar.

“Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudo biziň 7-ler toparymyzyň duşuşygy mahalynda örän gowuşgynsyz we ýuwaş hereket etdi hem-de men gaýdanymdan soň metbugat ýyganygyny gurnap, “ABŞ tarifleri masgaralaýjy” diýdi, özüniň “töwerekden hürseklenmegine" ýol bermejekdigini aýtdy. “Örän nädürs we gowşak. Biziň tariflerimiz onuň 270% süýt önümlerine jogap!” diýip, Tramp ýazdy.

"Men ABŞ wekillerine jarnamany goldamazlygy tabşyrdym, sebäbi biz ABŞ bazarlaryna sil bolup akýan awtomobillere hem tarif goýmaga seredýäris” diýip, ol aýtdy.