Aşgabat şäheriniň harby prokurory Serdar Pollyýew hünär synagynyň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň harby prokurory wezipesinden boşadyldy diýip, TDH döwlet habarlar gullugy 14-nji iýunda habar berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna laýyklykda, ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Pollyýew hünär synagynyň netijeleri boýunça, eýeleýän wezipesinden boşadyldy.
Türkmen mediasy prezidentiň kararynyň“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” kanunyň 16-njy maddasynalaýyklykda kabul edilendigini habar berýär, emma başga detallary aýdyňlaşdyrmaýar.
Aşgabadyň harby prokurorynyň wezipesinden boşadylmagy MHM-niň başlygynyň wezipesinden boşadylyp, güýç gurluşlarynyň birnäçe ýolbaşçysynyň ýerleriniň çalşyrylan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.