Türkmen delegasiýasy Demirgazyk Koreýa bardy
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň daşary işleri ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Demirgazyk Koreýa bardy. Türkmen toparyny Phenýanyň aeroportynda ýerli resmiler garşy aldylar.
Türkmenistan bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylda ornaşdyrylypdy. Türkmen delegasiýasynyň saparyny maksatlary barada hiç hili maglumat berilmedi.