Britaniýa Russiýa garşy has köp sanksiýalaryň girizilmegine çagyrýar

Britaniýanyň daşary işler ministri Jeremy Hunt.

Britaniýanyň täze daşary işler ministri özüniň ilkinji çykyşynda Ýewropa Bileleşigine Russiýa garşy sanskiýalary artdyrmaga we bu ugurda ABŞ bilen “egin-egne durmaga” çagyryş etmegine garaşylýar.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Jeremy Huntyň Waşingtonda ABŞ-nyň Parahatçylyk Institutynda etjek çykyşynda, Kremliň ozalky rus içalysyny Angliýada nerw gazy bilen zäherländigi aýdylýan waka bilen ilteşikli, Russiýanyň halkara normalaryna hormat goýmagy üçin, ÝB-niň Moskwa garşy has köp basyş etmegine çagyryş etjekdigi aýdylýar.

Hunt öz çykyşynda: “Elbetde, biz Moskwa bilen işleşmelidiris. Şol bir wagtda, biz hüşgärligi elden bermeli däldiris: Prezident Wladimir Putiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň daşary syýasaty dünýäni has howply bir ýere öwürdi” diýip, nygtaýar.