Khameneýi Eýranyň harby mümkinçiliklerini artdyrmaga çagyrdy

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi ýurduň harby güýçleriniň goranmak mümkinçiliklerini artdyrmaga çagyrdy.

Khameneýi harby kommandirlere ýüzlenip “häzirki syýasy ýagdaýlardan ugur alynsa, onda harby urşuň turjakdygy gümana. Ýöne, onda-da harby güýçlerimiz hüşgär bolmaly... we özüniň şahsy we maddy mümkinçiliklerini artdyrmaly” diýipdir.

Prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky Eýranyň Ýadro ylalaşygyndan çykarandan soň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklar ýitileşdi.