Orsýetiň we Siriýanyň hökümet uçarlary Siriýanyň Idlib welaýatyny bombalady

Siriýaly protestçiler pitneçileriň elindäki Idlibde milli baýdaklaryny galadyp, Siriýa hökümetine we onuň ýaranlary Orsýete, Eýrana garşy durmagy wada berdiler. 7-nji sentýabr, 2018.

Orsýetiň we Siriýanyň hökümet uçarlary Siriýanyň Idlib welaýatynyň pitneçileriň elindäki şäherlerine ýygjam howa zarbalaryny urdy.

Siriýanyň adam hukuklaryna gözegçilikedýän obserwatoriýasy 8-nji sentýabrda urlan zarbalaryň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň bu sebite hüjüm etmek barada bir aý ozal atan haýbatyndan bäri “iň gazaply” reýdler bolandygyny aýdýar.

Adam hukuklary topary 60-a golaý rus uçarynyň welaýata günüň ir sagatlarynda üç sagatlap agyr zarba urandygyny aýdýar.

Siriýanyň dikuçarlary bolsa, aýdylmagyna görä, Han Şeýkun şäheriniň eteklerindäki jaýlaryň ýokarsyndan “barrel bombalaryny” – partlaýjy bilen doldurylan demir konteýnerleri taşladylar.

Bu hüjümler Eýranyň, Orsýetiň we Türkiýäniň prezidentleriniň duşuşan gününiň ertesi edilýär. Olar Idlibde ýaraşyk baglaşmagy ýola goýmak barada ylalaşyp bilmediler.