Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň garaşsyzlygyny howp astyna salmagy sebäpli 155 rus we ukrain raýatyna, şeýle-de 44 kompaniýa garşy girizilen syýahat gadagançylygyny we emläkleriniň doňdurylmagyny ýene-de alty aý möhlet bilen uzaltdy.
Sanksiýalar ilki başda 2014-nji ýylyň martynda, haçanda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alanyndan soň girizilipdi.
Sanksiýalar her alty aýdan uzaldylýar.
Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky hereketleri we separatistleri goldamagy netijesinde 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 10 müň 300 töweregi adam öldi.