Owgan parlamentine ilkinji gezek türkmen zenany dalaş edýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owganystanyň milli parlamentinde deputat bolmaga dalaş edýän 25 ýaşly Perzana Bähmen saýlanan ýagdaýynda Owganystanda ilkinji zenan türkmen deputaty bolar. Ol 20-nji oktýabra bellenen saýlawlara garaşsyz kandidat hökmünde gatnaşar. Farýap welaýatynyň ýaşaýjysy Perzana Bähmeniň saýlaw programmasy sosial-ykdysady problemalary çözmek, aýal-gyzlaryň bilimli-ylymly bolmagy üçin mümkinçilikleri artdyrmak, welaýatyň suw üpjünçiligini kämilleşdirmek, neşe gaçakçylygyna garşy göreşmek we Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerini öz içine alýar.