Gürji prokurorlary: Saakaşwili oppozisiýa syýasatçysynyň öldürilmegine ‘rugsat berdi’

Mihaýil Saakaşwili 2004-2013-nji ýyllar araygynda Gürjüstanyň prezidenti bolupdy.

Gürjüstanyň prokurorlary ýurduň ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwilini 2008-nji ýylda Britaniýada ölen oppozisiýa syýasatçysynyň janyna kast etmek planlaryny oňlandygyny öňe sürdüler.

Baş Prokuratura Badri Patarkatsişwiliniň işi bilen baglylykdaky derňewiň tamamlanandygyny aýdyp, Saakaşwilini adam öldürmek dildüwşügini gurnamaga “rugsat” bermekde aýyplady.

Telekeçi Patarkatsişwili gürji syýasatyna içgin aralaşyp, 2008-nji ýylyň ýanwarynda prezidentlik saýlawlaryna gatnaşyp, Saakaşwiliden ýeňilişe sezewar bolupdy.

Mundan bir aý soň, ol özüniň Britaniýadaky öýünde öli tapyldy. Britan resmileri muňa ýürek ýetmezçiliginiň sebäp bolandygyny aýtdylar.

Emma, käbir gürji syýasatçylary onuň öldürilendigini öňe sürdüler.

Häzir Gollandiýada ýaşaýan Mihaýil Saakaşwili 2004-2013-nji ýyllar araygynda Gürjüstanyň prezidenti bolupdy. Ol prokurorlaryň aýyplamalaryny ret etdi.