Arhangelskidäki partlama terrorizm ähtimallygy esasynda derňelýär

Partlamada FSB-niň üç işgäri ýaralandy.

Rus derňewçileri Federal Howpsuzlyk Gullugynyň, ýagny FSB-niň Arhangelskidäki edarasynda ýüze çykan partlamany terrorizm ähtimallygy esasynda derňeýärler. Partlamada bir adam heläk boldy.

Russiýanyň Derňew Komiteti partlamany 17 ýaşly ýerli ýaşaýjynyň amala aşyrandygyny, şeýle-de onuň partlamada aradan çykandygyny mälim etdi. Wakada FSB-niň üç işgäri hem ýaralandy.

Arhangelskiý regionynyň häkimi ähli jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuzlyk çäreleriniň görlendigini aýtdy.

Terrorçylyga garşy Milli Komitet partlamadan soň binanyň içindäki adamlaryň ewakuasiýa edilendigini habar berdi.