Çeh premýer-ministri Kunderanyň raýatlygyny dikeltmegi teklip edýär

Milan Kunderanyň türk dilinde çap edilen kitabynyň jildi

Çehiýanyň premýer-ministri 89 ýaşyndaky ýazyjy Milan Kunderanyň onlarça ýyl ozal, ýurduň kommunist hökümeti tarapyndan ýatyrylan çeh raýatlygyny dikeltmegi teklip etdi.

Premýer-ministr Andrej Babis 10-njy noýabrda Kundera “öz raýatlygyna gaýtadan eýe bolamaga mynasyp” diýdi.

Babis Parižde, 1918-nji ýylda I Jahan urşunyň soňlanmagyna gabat geçirilýän ýatlamalar çäresinde çykyp gürledi.

Kundera we onuň aýaly Wera öz raýatlyklaryny 1979-nji ýylda, Çehoslowakiýanyň sowet zamanasyndaky kommunist režimi döwründe ýitirdi. Olar 1975-nji ýylda Fransiýa emigrasiýa gitdiler.

1929-njy ýylda doglan Kundera çehoslowak režimi astynda ýaşaýan raýatlaryň durmuşyny açyp görkezýän “Durmuşyň çekip bolmajak ýeňilligi” we “Gülkiniň we unutmagyň kitaby” ýaly eserleriň we ýene onlarça kitabyň awtorydyr.