“Russiýa taryh boýunça energiýa serişdelerini ýarag hökmünde ulanyp geldi, häzir hem ulanýar. Bu Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary üçin energiýanyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň möhümdigini aňladýar” diýip, ABŞ-nyň energiýa sekretary Rik Perry (Rick Perry) aýtdy.
“Biz Kremliň energiýa serişdelerini ýarag hökmünde ulanmagyna rugsat bermeli däldiris” diýip, Perry Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçen metbugat ýygnagynda çykyş etdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy sebitiň döwletlerini Russiýadan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrman, muňa derek ABŞ-dan ýa-da beýleki ýurtlardan gazy akdyrmagyny gazanjak bolýar.
Ol Wengriýa we onuň goňşy döwletlerine rus gazgeçirijilerinden ýüz öwürmäge çagyrdy. Waşington bu geçirijileriň Moskwanyň sebiti öz penjesinde saklamak üçin ulanýandygyny aýtdy.