Germaniýada we Şwesiýada türkmen aýdym-sazlary ýaňlandy

Türkmen bagşy-sazandalary Ýewropada konsert berdi.

3-nji noýabrda Germaniýanyň paýtagty Berlinde, 16-njy noýabrda bolsa Şwesiýanyň Göteborg şäherinde “Türkmen gijesi” çäreleri geçirildi.

Sosial mediada ýaýran maglumatlara we ýazylan teswirlere garalanda, bu medeni çäreler diňe bir Ýewropadaky däl, dünýäni[ beýleki künjeklerinde bosgunlykda ýaşaýan türkmenlerde hem uly täsir galdyrana meňzeýär.

Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” gepleşiginiň bu günki sanyny Ýewropadaky türkmen diasporasynyň medeniýet aladalaryna gönükdirýäris.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Germeniýada we Şwesiýada türkmen aýdym-sazlary ýaňlandy