Wengriýa ýarag söwdasynda güman edilýän ruslary ABŞ-a ekstradisiýa etmekden ýüz öwürdi

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert .

Wengriýa ýarag söwdasynda güman edilýän iki rus raýatyny ekstradisiýa etmek baradaky ABŞ-nyň haýyşyny ret edip, olary Russiýa iberdi diýip, Döwlet Departamenti maglumat berdi.

Departamentiň metbugat wekili Heather Nauert Wengriýanyň hökümetiniň Wladimir Lýubişin Sr-y we Wladimir Lýubişin Jr-y Russiýa ekstradisiýa etmek baradaky kararyndan ABŞ-nyň “nägile” bolandygyny aýtdy.

Nauert Lýubişinlere garşy ABŞ-da berk işiň bardygyny belläp, olaryň Russiýada sud edilip-edilmejekdiginiň hem anyk däldigini aýtdy.

Nauert Budapeştiň kararynyň “kanun goraýjy guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga Wengriýanyň ygrarlylygy boýunça soraglary döredýändigini” hem sözüne goşdy.