Lukaşenka Belarusyň hiç wagt Orsýete birikmejegini aýdýar

Belarus prezident Aleksandr Lukaşenka, Minsk, 14-nji dekabr, 2018 ý.

Belarus prezident Aleksandr Lukaşenka öz ýurdunyň hiç wagt Orsýet Federasiýasynyň bir bölegi bolmajakdygyny aýdýar.

Lukaşenka 14-nji dekabrda Minskde rus žurnalistleriniň öňünde gürrüň edip, Belarus üçin “özygtyýarlylyk mukaddes” diýdi.

"Eger kimdir biri [Belarusr] regionlara bölmek we Orsýete tabyn bolmaga mejbur etmek islese, bu hiç wagt başa barmaz” diýip, Lukaşenka aýtdy.

Lukaşenka Moskwany nebit we gaz tutaryklaryny ulanyp, Belarusy Orsýetiň içine “goşmak” synanyşygynda aýyplady.