Owgan diplomaty Aşgabatdaky ýol hadysasynda wepat boldy

Khuwaja Mohammad Salim Şarifzada, "1tvnews.af" neşiriniň fotosy

Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Khuwaja Mohammad Salim Şarifzada türkmen paýtagtynda bolan köçe-ýol hadysasynda wepat boldy diýip, Owganystanyň “1tvnews" neşiri habar berýär.

Owgan ilçisi Mirwais Nabyň sözlerine görä, ýol hadysasy 15-nji dekabrda, ir sagat 6:10-da, diplomat Aşgabatdan Mary şäherine tarap ugranda boldy.

Ýol hadysasynyň sebäpleri we beýleki pidalar hakynda maglumat berilmeýär.