Kosowanyň prezidenti ýurduň ýeňil ýaraglar bilen ýaraglanan howpsuzlyk güýçleriniň doly derejeli armiýa öwrülmegini “tersine gaýtaryp bolmajakdygyny” aýtdy.
Prezident Haşim Thaçi bu barada BMG-däki gepleşiklere gitmeginiň öňüsyrasy çykyş etdi. Şol bir wagtda, Serbiýa goňşusy Kosowanyň bu ädimine nägilelik bilidirdi.
“BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde näme bolsa şol bolsun, käbir şahsyýetleriň we ýurtlaryň alada galmagyna hem garamazdan, Kosowanyň armiýasynyň esaslandyrylmagyny yzyna gaýtaryp bolmaz” diýip, Thaçi belledi.
14-nji dekabrda Kosowanyň parlamenti 2 müň 500 agzalyk Kosowanyň Howpsuzlyk Güýçleriniň has kämil ýaraglar bilen ýaraglanan 5 müň 500 şahsy düzümli milli armiýa öwrülmegini makulladylar.
17-nji dekabrda Howpsuzlyk Geňeşi Serbiýanyň haýyşy esasynda bu meseläni maslahat eder.