'Rusal' täze ýolbaşçysyny yglan etdi

Orsýetiň alýuminiý öndüriji "Rusal" kompaniýasynyň kärhanasy

Orsýetiň alýuminiý öndüriji "Rusal" kompaniýasy täze ýolbaşçysy wezipesine müdirler geňeşi tarapyndan Jean-Pierre Tomasyň saýlanandygyny yglan etdi. Kompaniýa bu çäräniň ABŞ-nyň sanksiýalarynyň aýrylmagy ugrunda geçirýän restrukturizasiýa işleriniň bir bölegidigini aýtdy.

28-nji dekabrda saýlanan öňki garaşsyz ýolbaşçy Tomas 1-nji ýanwarda wezipesine geçrer.

Kompaniýa alty ýyllap ýolbaşçy bolan Mattias Warnig 26-njy dekabrda wezipesinden çekildi. Onuň wezipeden çekilmegi ABŞ-nyň resmileri bilen gelnen ylalaşygyň şertleriniň biri.

Maýa goýumlar boýunça bankir Warnig gündogar Germaniýanyň öňki gizlin agenti bolup, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini 1990-njy ýyllardan tanaýar.

"Bloomberg Capital Markets" sanawyna görä, 61 ýaşly Tomas "Rusalyň" müdirler geňeşinde ýerine ýetiriji bolmadyk garaşsyz müdir hökmünde 28-nji iýundan bäri işleýär. Ol ondan öň 15 ýylyň dowamynda Fransiýanyň Lazard Bankynda dolandyryjy partnýor bolup işläpdir.