Deňiz garakçylary ýük gämisini taladylar

Deňiz garakçylary. Illýustrasiýa suraty

Afrikanyň günbataryndaky Benin döwletiniň kenarlarynda garakçylar ýük gämisini, onuň ekipaž agzalaryny taladylar, şeýle-de sebiti terk etmezden ozal alty adamy zamun aldylar.

Gäminiň üstünde 26 adamyň – 20 rusyň, dört ukrainyň we iki gürjiniň bolandygy habar berilýär.

Zamun alnyp gaçylanlaryň altysynyň hem ruslardygy aýdylýar.

Gämi häzir Nigeriýanyň territorial suwlarynda ýerleşýär.