Owganystanda “Talyban” azyndan 15 polisiýa ofiserini öldürdi

Owganystanyň polisiýa ofiserleri. Illýustrasiýa suraty.

Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň amala aşyran hüjümlerinde polisiýa ofiserleriniň azyndan 15-si öldürildi, başga-da 19-sy ýaralandy.

Takhar welaýatynda “Talyban” barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edip, azyndan sekiz polisiýa ofiserini öldürdi. Ýerli geňeşiň agzasy Khawja Ghar etrabynda ýüze çykan hadysada başga-da 14 ofiseriň ýaralanandygyny aýtdy.

Ýurduň demirgazygyndaky Baglan welaýatynda “Talyban” jeňçileriniň polisiýanyň barlag-gözegçilik nokadyna eden hüjüminde ýedi polisiýa ofiseri öldürildi. Ýerli resmiler welaýatyň merkezi Pul-e Khumri şäheriniň eteginde bolan hüjümde azyndan bäş ofiseriň ýaralanandygyny hem aýtdylar.

“Talyban” hüjümleriň jogapkärçiligini bata-bat öz üstüne almady.

Jeňçiler soňky aýlarda howpsuzlyk wekillerine we hökümet binalaryna garşy hüjümlerini ýaýbaňlatdylar. Şol bir wagtda, owgan we ABŞ güýçleri söweşijileriň meýdan kommandirlerine garşy operasiýalarynyň gerimini güýçlendirdiler.