Hytaýdaky kömür magdanynda bolan partlamada 21 adam öldi

Hytaýly magdançylar. Arhiw suraty

Döwlet mediasynyň maglumatyna görä, demirgazyk Hytaýda kömür käninde bolan partlama netijesinde 21 magdançy öldi.

Bu betbagtçylyk 13-nji ýanwarda, Şensi welaýatyndaky Şenmuda, ýurduň kömür-magdan guşagynyň merkezinde boldy diýip, döwlet telewideniýesi we Sinhua habar gullugy habar berdi.

Hökümetiň çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, bu partlamadan 66 magdançy halas edildi.