Britan kanunçykaryjylary “Brexit” boýunça ses berýärler

Britan premýer-ministri Tereza Maý

Britan kanunçykaryjylary hökümetiň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmak boýunça hödürleýän, “Brexit” diýlip bilinýän taslamasyna ses bererler.

Köp syýasy bilermenler munuň başa barmajakdygyny çaklaýarlar.

Ses berilişigiň öňýany premýer-ministr Tereza Maý “ýok” diýlip ses berilse, bu ugurdaky tagallalaryň puja çykyp biljekdigini duýdurdy.

Şeýle-de, Maý munuň “britan halkynyň beren sesine dönüklik etmek boljakdygyny” duýdurdy.

Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden resmi ýagdaýda çykmak üçin soňky senesi 29-njy mart diýlip kesgitlenipdi.

Eger-de ses berilişikde “ýok” diýilse, onda “Brexit” planlarynyň nämälimlige uçramagy mümkin.

Ekspertler käbir ylalaşyklar göz öňünde tutulmasa, onda britan ykdysadyýetiniň garma-gürmelige sezewar boljakdygyny aýdýarlar.

Maýyň planynyň tankytçylary, şol sanda öz partiýasynyň wekilleri munuň ýurdy Ýewropa Bileleşiginiň düzgünlerine bakna edip saklajakdygyny we ýurduň öz garaşsyz söwda syýasatyny ýöredip bilmejekdigini aýdýarlar.