Russiýanyň sudy “Ýegowanyň şaýatlary” dini toparyň daniýaly tarapdary Dennis Kristenseni (Dennis Christensen) “ekstremist guramanyň işlerini guramalaşdyrmakda” günäli tapdy.
6-njy fewralda Russiýanyň günbataryndaky Orýol şäheriniň Železnodorožnyý etrap sudy Kristenseni 6 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Russiýadaky “Ýegowanyň şaýatlary” topary Kristenseniň aklawçysynyň bu karary şikaýat etjekdigini aýtdy. Kristensen 622 gün bäri Russiýanyň Orýol regionyndaky No.1 belgili deslapky tussaghanada saklanylýar.
“Hakyky jenaýat etmedik günäsiz bir adam höküm edildi” diýip, “Ýegowanyň şaýatlarynyň” Ýewropa assosiasiýasynyň wekili Ýaroslaw Siwulskiý öz beýanatynda aýtdy.
2017-nji ýylda Russiýanyň Ýokary sudy ýurtdaky bu dini toparyň ýapylmalydygy we onuň hereket etmegine mundan beýläk rugsat berilmeýändigi barada karar çykarandan bir aý soň, Kritensen şol ýylyň maýynda Orýolda tussag edildi.