Orsýet türmesinde bolan gozgalaňda 20 tussag aýralandy

Moskwadaky Lefortowo türmesiniň daş görnüşi

Rus türmesinde bolan özara uruş 17 tussagy medisina bejergisini almaga mejbur etdi diýip, türme resmiler 9-njy fewralda aýtdylar.

Bu uruş 8-nji fewralda, Samaradaky türmede nahar wagtynda turdy diýip, resmiler aýtdy.

Metbugat maglumatlarynda türmedäki gozgalaň mahalynda düşekleriň we ýorganlaryň oda berlendigi habar berilýär.

Türme resmileri 20 tussagyň ýaralanandygyny, olaryň 17-siniň medisina bejergisini almaly bolandygyny aýtdylar.

Bu hadysadan soň türmedäki howpsuzlyk şertleri berkidildi.Orsýet türme şertleriniň ýaramazlygy, tussaglara ýowuz daralýandygyüçin tankyt edilýär.