Pakistan häkimiýetleri tankytlýan žurnalisti we alymy tussag etdi

Pakistan kartasy

Pakistan, metbugat işgärleriniň we aktiwistleriniň häkimiýetler tarapyndan görkezilýän görülmedik basyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda, hökümeti tankytlaýan işleri bilen tanalan žurnalisti we alymy tussag etdi.

Soňky ýyllarda onlarça hukuk goraýjy we häkimiýetleri tankyt edýän žurnalist tussag edildi ýa-da öz janlaryna abanýan howpdan howatyr edip, ýurtdan gaçdy.

Ammar Ali Jan, Lahore kolležiniň professory 9-njy fewralda, Paştun goragy hereketiniň gurnan protestine goşulanyndan soň tussag edildi. Ol biraz soň girew astynda azatlyga goýberildi.

Janyň feýsbuk sahypasynda 9-njy fewralda peýda bolan ýazgyda onuň ir sagat 4-de tussag edilendigi habar berildi.

"Men kanuna boýun bolýan raýat we adalat ugrundaky göreşden çetleşdirilmerin” diýip, beýanatda aýdylýar.

Polisiýa Janyň ýygnanyşyga gatnaşmakda, ýoly baglamakda we “döwlete garşy” söz sözlemekde aýyplanýandygyny aýtdy.