Pakistan dartgynlygyň ýitileşýän döwri Hindistandaky ilçisini çagyrdy

Hindistanyň ýarym-harby esgerleri Kaşmir sebitine gözegçilik edýärler (arhiw suraty).

Ýadro ýaragly goňşularyň arasyndaky dartgynlygyň barha artýan häzirki wagtda Pakistanyň daşary işler ministrligi 18-nji fewralda ýurduň Hindistandaky ilçisiniň pikir alyşmak üçin Yslamabada çagyrylandygyny habar berdi.

“Biz Hidistandaky ýokary komissarymyzy maslahat üçin yzyna çagyrdyk. Ol Delini şu gün terk etdi” diýip, daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mohammad Faýsal Twitterde ýazdy.

Ýaňy biri-birinden aýry iki hadysada Hindistanyň ýarym harby güýçleriniň we goşun esgerleriniň onlarçasy öldürildi.

Iň soňky, ýagny ir ertir 18-nji fewralda Hindistan tarapyndan dolandyrylýan region Kaşmirde pitneçiler bilen bolan atyşykda azyndan dört hindi esgeri, şol sanda ýokary derejeli bir ofiser, şeýle-de parahat ilatdan bir adam öldi.

Sanlyja gün mundan ozal hem dawaly territoriýada janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylan hüjümde azyndan 41 sany ýarym harby ofiser heläklendi.

Ýerli resmiler 18-nji fewralda Pulwamanyň Pinglan etrabynda bolan çaknyşykda ýene bir esgeriň agyr ýaralanandygyny aýdýarlar.

Hindi mediasyndaky habarlara görä, atyşygyň turmagyna düýbi Pakistanda ýerleşýän yslamçy ýarym harby topar Jaýş-e-Mohammadyň ýerli bölüminiň howpsuzylyk güýçlerine ot açmagy sebäp bolupdyr.

Mediada ýarym harbylary yzarlap tapmak boýunça iş alnyp barylýandygy, ýöne hüjümçilere näme bolandygy hakda entek maglumatyň ýokdugy bellenýär.

Pulwama 14-nji fewralda janyndan geçen bombaçynyň Hindistanyň ýarym harby polisiýa güýçlerinden azynda 41 ofiseri öldüren ýeridir. Howpsuzlyk güýçlerine edilen ölümli hüjüm regionda we tutuş Hindistanda gahar-gazap döretdi.

Ýerli mediada aýdylmagyna görä, Jaýş-e-Mohammad Jammu we Kaşmiriň esasy ýolunda Merkezi rezew polisiýa güýçleriniň konwoýyna edilen hujümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdyr.

“India Today” telekanaly howpsuzlyk güýçleriniň pikiriçe soňky hüjümçileriň 14-nji fewralda bolan bombaly hüjüm bilen ilteşikli bolmagy mümkin diýdi.

Janyndan geçen bombaçynyň hüjüminden soňra goňşy Pakistan bilen bolan dartgynlyk artdy.

Deli Yslamabatdan Pakistany baza edinip ulanýan “terroristleri we terror toparlaryny goldamagy bes etmegi, beýleki ýurtlara hüjüm etmek üçin terroristler tarapyndan ýöredilýän infrastrukturany söküp taşlamagy” talap etdi.

Pakistan bombaly hüjümleriň “çuň alada” döredýändigini belläp, ýöne özüniň bu gandöküşikli hüjüm bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

Hindistan köp wagt bäri Pakistany ilatynyň aglaba köplügi musulmanlardan durýan Kaşmirdäki ýarym barbylary goldamak aýyplap gelýär. Bu Gimalaý regiony ýadro ýaragly iki bäsdeşiň arasynda bölnen hem bolsa, 1947-nji ýylda Britaniýanyň koloniýal agalygyndan garasyzlyga çykaly bäri ony iki tarap-da dolulygyna öz kontrollygyna almak ugrunda dalaş edýär.