Nobel baýragynyň eýesi Alferow aradan çykdy

Žores Alferow

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi, russiýaly alym Žores Alferow 88 ýaşynda aradan çykdy.

“Žores Alferow şu gün ýogaldy” diýip, onuň aýaly 2-nji martda rus habar serişdelerine gürrüň berdi.

Maglumata görä, Alferow ýürek-öýken näsazlygyndan ölüpdir.

Alferowa 2000-nji ýylda ýarymgeçirijiler we lazer tehnologiýalary üçin fizika boýunça Nobel baýragy berlipdi.

Ol 1990-njy ýylda sowet lideri Mihaýil Gorbaçýowa parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berlenden soň, bu baýraga mynasyp bolan ilkinji russiýaly boldy.