Kremliň adam hukuklary boýunça geňeşi “fake news” kanunyny ret etmäge çagyrýar

Russiýanyň Federasiýa Geňeşi

Kremliň adam hukuklary boýunça geňeşi rus parlamentiniň ýokarky palatasyna ýüzlenip, “fake news”, ýagny “ýalan habarlary”, şeýle-de rus döwletini we jemgyýetini kemsidýär diýlip hasaplanýan maglumatlary bikanun etjek kanun taslamasyny ret etmäge çagyrdy.

Eger-de, bu kanun kabul edilse, ol pikir azatlygyny çäklendirer diýip, Adam Hukuklary we Graždançylyk Jemgyýeti boýunça Russiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky Geňeş özüniň websaýtynda maglumat ýerleşdirdi.

Ol Federasiýa Geňeşine ýüzlenip, kanun taslamany yzyna – parlamentiň aşaky öýi, ýagny Döwlet Dumasyna ugratmaga çagyrdy. Döwlet Dumasy 7-nji martda taslamany tassyklapdy.

Bu kanun resmilere “ýalan habarlar” diýip häsiýetlendiren maglumatlaryny çap edýän websaýtlary petiklemäge, şeýle-de döwlet emeldarlaryna, rus jemgyýetine dil ýetirip maglumatlary çap edenleri jezalandyrmaga mümkinçilik berer.

Geňeş diňe maslahat beriji häsiýete eýedir. Onuň çagyryşlary, aglaba ýagdaýda, prezident Wladimir Putin, onuň hökümeti, şeýle-de rus parlamentiniň iki palatasy tarapyndan-da duşdan geçirilýär.