Peruwyň ozalky prezidenti Alan Garsia özüni atyp, hassahanada jan berdi

Peruwyň ozalky prezidenti Alan Garsia

Peruwyň ozalky prezidenti Alan Garsia hassahanada aradan çykdy.

Ol 17-nji aprelde, polisiýa tussag etmek üçin paýtagt Limadaky jaýynyň işigine gelende, özüni atdy.

Garsia parahorlyk derňewi bilen baglylykda tussag edilmelidi. Ýerli media biraz soň onuň haýdan-haý hassahana alnyp gidilendigini we şol ýerde jan berendigini habar berdi.

Garsia Peruwa milletçi hökmünde 1985-nji ýyldan 1990-njy ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi, soň özüni azat bazar tarapdary hökmünde görkezip, 2006-njy ýylda ýene bir prezidentlik möhletini gazandy.

Garsia Braziliýanyň ägirt uly “Odebrecht” gurluşyk kompaniýasyndan bikanun pul almakda aýyplanýar.

“Odebrecht”, 2016-njy ýylda ABŞ-nyň Adalat departamentiniň öňünde Latyn Amerikasyndaky bozuk resmilere iri gurluşyk şertnamalaryny baglaşmak üçin 800 million dollara golaý para berendigini boýun alanyndan soň, Latyn Amerikasyndaky iň uly korrupsiýa galmagalynyň merkezinde ýerleşýär.