Maýk Pompeo Orsýsetiň Madurony Wenezueladan gaçmazlyga yrandygyny aýdýar

30-njy aprel güni irden müňlerçe adam paýtagt Karakasda ýörişe çykdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Wenezuelanyň prezidneti Nikolas Maduronyň gowga gaplanan ýurduny terk edip, Kuba bosgunlyga gitmäge taýýar bolandygyny, emma Orsýetiň ony ýurdunda galmaga yrandygyny aýdýar.

“Onuň uçary uçuş meýdançasynda taýyn durdy... Ol, biziniň düşünişimize görä, şu gün irden gitmäge taýýardy, emma orsýetliler onuň ýurdunda galmalydygyny aýtdylar” diýip, Pompeo 30-njy aprelde CNN -e aýtdy.

Pompeo Waşingtona soňky hepdelerde Wenezuelanyň hökümetiniň içindäki “uly ýolbaşçylaryň” aýtmagyna görä, gozgalaň tursa, olaryň gaçmakçydygyny hem sözüne goşdy.

Wmma Pompeo gaçmagy mümkin adamlaryň atlaryny aýtmady we bu meselede başga jikme-jiklikleriň üstüni açmady.

Bu habarlar günorta amerika ýurdundaky dartgynlyklaryň täze belentliklere galan wagtyna gabat geldi.

ABŞ goldawyndaky oppozisiýa lideri Juan Guaido harbylary Madurony prezidentlikden çetleşdirmäge kömege çagyranyndan soň zorlukly wakalar döredi.

30-njy aprel güni irden müňlerçe adam paýtagt Karakasda ýörişe çykdy, Guaido muny günorta amerika ýurdunda häkimiýeti öz üstüne almak kampaniýasynyň “soňky fazasy” diýip häsiýetlendirdi.

Maduronyň hökümetiniň resmileri Guaidonyň hereketlerini agdarylyşyk synanyşygy atlandyryp, ony ýazgardylar we özleriniň harbylaryň goldawyny yzyna aljakdyklaryny aýtdylar.