Albaniýada hökümete garşy protestler dowam edýär

Oppozisiýa fewralyň ortalaryndan bäri hökümet resmilerini parahorlykda aýyplap protest geçirýärler. 13-nji aprel.

Albaniýanyň paýtagty Tiranada hökümete garşy çykyş edýän protestçiler polisiýa “Molotow kokteýlerini”, ýagny içi ýangyçly çüýşeleri zyňdylar.

Müňlerçe protestçi ýagynly howa şertlerine hem garamazdan 13-nji maýda demonstrasiýa geçirdiler.

Polisiýa jogap çärelerini geçirmedi.

“Bu bikanun hökümete garşy gönükdirilen ýörişdir” diýip, oppozisiýadaky merkezi-sagçy Demokratik Partiýasynyň lideri Lulzim Başa çykyş etdi.

Hadysada bir polisiýa ofiseriniň ýaralanandygy aýdylýar.

Oppozisiýa fewralyň ortalaryndan bäri hökümet resmilerini parahorlykda aýyplap, şeýle-de mundan iki ýyl ozal geçirilen parlament saýlawlarynda galplyklaryň bolandygyny aýdyp, protest geçirýärler.

Oppozisiýa geçiji hökümetiň düzülmegini we irki saýlawlaryň geçirilmegini talap edýär.