Moskwadaky türkmenler agzaçar berdiler

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Russiýanyň paýtagty Moskwada her ýyl gurnalýan Remezan Çadyry dabaralarynyň çäginde, 23-nji maýda Türkmenistanyň agşamy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Russiýadaky wekilhanasynyň agzalary, türkmen diasporasynyň wekilleri, Moskwada ýaşan türkmenistanlylar, şeýle-de Russiýanyň paýtagtynda ýaşaýan beýleki musulman döwletleriniň raýatlary hem gatnaşdylar.