Saud patyşasy Mekkede geçen adatdan daşary sammitde Eýrany ýazgardy

Patyşa Salman. Arhiw suraty

Saud patyşasy Salman arap liderleriniň Mekkede geçirilen adatdan daşary sammitinde halkara jemgyýetçiligini “Eýran režiminiň beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmagyny togtatmak üçin ähli çäräni” görmäge çagyrdy.

Patyşa özüniň 30-njy maýda sözlän sözünde Eýrany “global we regional terror toparlaryny penalamakda, halkara suw ýollaryna wehim salmakda” aýyplady.

Yslamyň iň mukaddes şäherinde 30-njy maýda başlanan sammit 31-nji maý güni irden hem dowam etdi we Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň arasyndaky dartgynlyklaryň täze belentlikere galan wagtyna gabat gelip, harby konflikt bolmak ähtimallygy baradaky aladalary ýokarlandyrdy.

Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan sünni musulman ýurdy bolan Saud Arabystany şaýylaryň köplügindäki Eýran bilen ýiti bäsdelikde durýar we sebitdäki täsir ugrunda ýaryşýar.

Dartgynlyklar Saud Arabystanyndaky nebit nebit geçiriji stansiýalarawe Birleşen Arap Emirlikleriniň kenarlaryna golaý nebit tankerlerine edilen hüjümlerden soň ýokarlandy. Birleşen Ştatlar we arap ýurtlarynyň köpüsi bu işde Eýrany ýa-da onuň sebitdäki proksilerini günäkärledi.

Tähran bu hadysalara dahyllydygyny ret edýär.