Sudanly protestçiler basylyp ýatyrylanda 60 adam öldi

Hartum. Protestçiler şygara gygyrýa. 3-nji iýun. 2019.

Sudanly protestçileri basyp ýatyrmak üçin goşunlar we ýarym harby güýçler tarapyndan görlen iki günlük çäräniň dowamynda altmyş adam öldürildi diýip, doktorlar birleşigi 5-nji iýunda habar berdi.

Sudanly lukmanlaryň merkezi komiteti Hartumdaky bir hepdelik oturma protestini dargytmak üçin 3-nji iýunda başlanan çäreleriň dowamynda ozal 40 adamyň öldürilendigini habar beripdiler.

Lukmanlar birleşiginiň maglumatyna görä, basyp ýatyryşyň dowamynda 300-den gowrak adam ýaralandy. Şol bir wagtda, Geçiş harby geňeşi ýurduň köp böleginde interneti kesensoň, pidalaryň anyk sanyny bilmek mümkin bolup görünmeýär.

Bu zorlukdan soň, prezident Omar al-Başir häkimiýetden çetleşdirileli bäri tas iki aýa golaý ýurdy dolandyran Geçiş harby geňeşi esasy oppozisiýa ýaranlygy, Azatlyk jarnamasy we Özgeriş güýçleri bilen ylalaşygy ýatyrdy.

Harbylar 4-nji iýunda saýlawlaryň dokuz aý içinde geçirilmelidigini aýtdylar, bu plan oppozisiýa tarapyndan bada-bat ret edildi we olar harbylaryň häkimiýetden çekilmegi üçin boýun egmezlik kampaniýasynyň dowam etdiriljegini aýtdylar.

Geçiş harby geňeşi 11-nji aprelde, Başir aýlap dowam eden protestlerden soň häkimiýetden agdarylanda häkimiýet başyna geldi. 75 ýaşyndaky Başir 1989-njy ýylda, harby agdarylyşyk esasaynd ahäkimiýete gelip, ýurdy barha ýokarlanan awtokratik usulda dolandyrdy.