ABŞ we Ýewropanyň bäş döwleti Russiýa bilen Gürjüstanyň arasyndaky turan bäş günlük urşuň 11-nji ýyl dönümine gabatlap, Moskwany urşuň turmazyndan ozalky çäklerine çenli öz harbylaryny yza çekmäge çagyrdylar.
8-nji awgustda ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Estoniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň we Britaniýanyň BMG-däki ilçileri bilelikdäki beýanat ýaýradyp, onda Gürjüstanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we territoriýal bütewiligine goldaw bildirdiler.
Bu beýanat BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ýapyk gapylaryň aňyrsyndaky geçirilen konsultasiýa sessiýasyndan soň ýaýradyldy.
Şeýle-de, ABŞ-nyň Döwlet departamenti aýratyn bir beýanat bilen çykyş edip, onda Russiýanyň Gürjüstandan öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden iki sebitiniň garaşsyzlygyny ykrar etmek kararyny yzyna almaga çagyrdy.
Beýanatda “Russiýa Gürjüstanyň territoriýalarynyň okkupasiýasyny bes etmeýänçä, biz öz tagallalarymyzy togtatmarys” diýilýär.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi “resmi Tblisini we Günbatar goldawçylaryny” “Russiýa garşy gowgany öjükdirmekde we Gürjüstany NATO iteklemekde” aýyplady.