Türkmenistanlylar Gurbanlygy bu ýyl “dört günläp baýram eder”

Gurnablygyň öňünden bazara çykarylan goýunlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy awgustda türkmenistanlylaryň bu ýyldaky Gurbanlygy dört günläp baýram etjekdigini aýtdy.

Döwlet baştutany Gurban baýramyny 2019-njy 11-12-13-nji awgustynda bellemek baradaky karara gol çekdi we şol günleri iş güni däl diýip yglan etdi. Şeýle-de prezident 2019-njy ýylyň 11-nji awgustyndaky dynç gününiň 14-nji awgusta — çarşenbe gününe geçirilýändigini belledi.

Bu kararyň ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan ýerine ýetirilmelidigi aýdylýar. Şol bir wagtda prezident edaralaryň, hususan-da hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň bu baýramçylygy ýokary derejede geçirilmegi üçin goşmaça nobatçylyklary guramagyny tabşyrdy.

Türkmenistanda soňky ýyllarda işsizlik we ykdysady kynçylyklar sebäpli gurbanlyk etmäge gurby çatýan maşgalalaryň yzygiderli azalýandygy aýdylýar.